Zekarýanyň pygamberligi
67 Çaganyň kakasy Zekarýa *Mukaddes Ruhdan dolup, şeýle *pygamberlik etdi:
68 «Ysraýylyň Hudaýy Rebbe öwgüler bolsun!
Çünki Ol Öz halkyna nazaryn salyp, halas etdi.
69-71 Öňki zamanda
mukaddes pygamberler arkaly söz berşi ýaly,
duşmanlarymyzdan bizi halas etmäge,
ýigrenýänleriň ählisinden dyndarmaga,
Ol biziň üçin Öz guly Dawudyň neslinden
bir güýçli Halasgär çykardy.
72 Ol muny atalarymyza rehimdarlyk etmek üçin,
Öz *mukaddes ähtini ýatda saklamak üçin etdi.
73 Atamyz *Ybraýyma ant içip, şeýle söz berdi:
74-75 Duşmanlarymyzyň elinden bizi halas etmäge,
ömrümiz boýy huzurynda gorkusyz,
mukaddeslik hem dogrulyk bilen
gulluk etmäge mümkinçilik berdi.
76 Eý, balam, sen hem Beýik Hudaýyň *pygamberi diýen ady alarsyň!
Rebbe ýol taýýarlamak üçin, Onuň öňünden ýörärsiň.
77 Günäleriniň bagyşlanmagy arkaly
olaryň halas boljakdygyny
Onuň halkyna mälim edersiň.
78 Hudaýymyz mähir-şepagatdan doludyr:
Ol üstümize Gün şöhlesini dökdürer.
79 Tümlükde we ölüm kölegesinde oturanlara nur saçylar,
aýaklarymyz parahatlyk ýoluna gönükdiriler».
80 Şunlukda, çaga ösýärdi we *ruhy taýdan güýçlenýärdi. Ol ysraýyl halkyna görünmeli günlerine çenli çölde ýaşady.