Luka bölüm 10

Şimgon we Hanna Isa hakda pygamberlik edýärler

21 Sekizinji gün çagany *sünnetlemeli bolanda, Onuň adyna Isa dakdylar. Bu Onuň enesiniň göwresinde galmazdan öň, perişdäniň Oňa beren adydy. 22 *Musanyň *kanuny boýunça geçirilýän *tämizleniş däp-dessurlaryň berjaý edilmeli döwri ýetip gelende, Ýusup bilen *Merýem Iýerusalime gitdiler. Olar Isany Rebbe bagyş etmek üçin, Ony hem ýanlaryna aldylar. 23 *Kanunda: «Ilkinji doglan her bir erkek göbekli Rebbe bagyş edilmeli» diýip ýazylandyr. 24 *Olar Kanunda ýazylyşy ýaly, iki gumryny ýa-da kepderini hem *gurbanlyk hökmünde hödür etmelidiler.

25 Şol wagt *Iýerusalimde Şimgon atly bir dogruçyl we takwa adam ýaşaýardy. Ol ysraýyl halkynyň azat edilmegine garaşýardy, Mukaddes Ruh onuň üstündedi. 26 Oňa Rebbiň *Mesihini görmezden öň ölmejekdigi Mukaddes Ruh tarapyndan aýan bolupdy. 27 Simun Mukaddes Ruhuň ugrukdyrmagy bilen *ybadathananyň howlusyna geldi. *Isanyň ene-atasy *Töwratda ýazylan adaty berjaý etmek üçin, Çagany içeri salanlarynda, 28 Simun Ony gujagyna alyp, Hudaýa alkyş okap, şeýle diýdi: 29 «Ýa Reb, Öz beren sözüňe görä, indi guluň arkaýyn amanadyny tabşyryp biler. 30-31 Ine, Seniň ähli halklaryň öňünde taýýarlan Halasgäriňi gözüm bilen gördüm. 32 Keseki *milletlere *aýanlyk berjek, halkyň ysraýyly şöhratlandyrjak nury gördüm».

33 Çaga barada aýdylýan sözlere onuň ene-atasy haýran galdy. 34 Şimgon olara ak pata berip, enesi *Merýeme: «Bu çaga Hudaý tarapyndan berlen alamat bolup, ynsanlar oňa garşy çykarlar. Ol sebäpli Ysraýylda köp adamlar heläk bolar, köp adamlar bolsa *ýalkanar. 35 Şonda ençeme ýürekleriň syrly pikirleri aýan bolar. Seniň kalbyňa hem hasrat ýiti gylyç kimin sanjylar» diýdi.

36-37 Ol ýerde segsen dört ýyldan bäri dul ýaşaýan Hanna atly garry pygamber aýal hem bardy. Ol aşer tiresinden Panuýeliň gyzydy. Ol durmuşa çykandan soňra äri bilen ýedi ýyl ýaşaşyp, dul galypdy. Bu aýal hemişe ybadathananyň howlusynda bolup, agyz bekläp, doga okap, gije-gündiz Hudaýa ybadat edýärdi. 38 Hanna hem edil şol pursat gelip, Rebbe öwgi aýdyp, *Iýerusalimiň halas bolmagyna garaşýanlaryň baryna bu Çaga hakda gürrüň berdi. 39 Ýusup bilen *Merýem Musanyň *kanuny boýunça ähli zady berjaý edenlerinden soňra, Jelilä, özleriniň Nasyra şäherine dolandylar. 40 Çaga ulalyp, güýçde we akyldarlykda ösýärdi. Hudaýyň merhemeti Onuň üstündedi.

 

 *2:23 Msr 13:2,12.

 *2:24 Lew 12:8.