Luka bölüm 3

Isanyň doguljagy öňünden aýdylýar

26 Elizabetiň göwreliliginiň altynjy aýynda Hudaý *Jebraýyl perişdäni Jeliläniň Nasyra şäherine, 27 *Dawudyň neslinden Ýusup atly adamyň adaglysy bolan bir boý gyzyň ýanyna iberdi. Ol gyzyň ady *Merýemdi. 28 Perişde onuň ýanyna gelip: «Salam, eý, *ýalkanan gyz! Reb seniň bilendir!2» diýdi. 29 Merýem bu sözlere ör-gökden gelip, bu salamyň näme aňladýandygyny biljek bolup pikire batdy. 30 Perişde oňa ýüzlenip: «Gorkma, Merýem, sen Hudaýyň nazarynda merhemet tapdyň. 31 Sen göwreli bolup, bir Ogul dograrsyň. Onuň adyna Isa dakarsyň. 32 Ol beýik bolar, Oňa Beýik Hudaýyň Ogly3 diýler. Taňry Hudaý Oňa atasy Dawudyň tagtyny berer. 33 Ol *Ýakubyň nesliniň üstünden ebedilik şalyk sürer, patyşalygynyň soňy bolmaz» diýdi. 34 Merýem perişdä: «Bu nähili bolar? Men heniz durmuşa çykamok ahyry» diýdi. 35 Perişde oňa: «Mukaddes Ruh seniň üstüňe iner, Beýik Hudaýyň gudraty seniň üstüňe kölege salar. Şonuň üçin hem doguljak çaga Mukaddes saýylar, Oňa Hudaýyň Ogly diýler. 36 Anha, seniň garyndaşyň Elizabetiň hem garrydygyna garamazdan, göwresinde çaga bar. Önelgesiz diýilýän bu aýal eýýäm alty aý bäri göwrelidir. 37 Çünki Hudaýyň ýanynda mümkin däl zat ýokdur» diýip jogap berdi. 38 Merýem: «Men Rebbiň gyrnagydyryn. Goý, maňa seniň aýdyşyň ýaly bolsun» diýdi. Onsoň perişde onuň ýanyndan gitdi.

 

 21:28 Käbir golýazmalarda Sen aýallar arasynda bagtlysyň! diýen jümle hem bar.

 31:32 Hudaýyň Ogly – Köne Ähtde bu at patyşalar üçin ulanylýardy. Täze Ähtde bolsa bu at Hudaý tarapyndan saýlanyp-seçilen diýmegi aňladýar. Sözlüge seret.