Merýemiň aýdymy
46 Merýem şeýle diýdi:
«Janym Rebbi beýgeldýär,
47 *ruhum *Halasgärim Hudaýa şatlanýar.
48 Ol men pespäl gyrnagyna nazaryn saldy.
Mundan beýläk ähli nesiller maňa bagtly diýerler.
49 Gudratygüýçli meniň üçin beýik işler etdi.
Onuň ady *mukaddesdir.
50 Ol nesillerboýy Özünden gorkýanlara merhemet eder.
51 Ol güýji bilen beýik işleri amala aşyrdy,
öwünjeňleri olaryň ähli içki pikirleri bilen dargatdy.
52 Hökümdarlary tagtyndan düşürip,
pespäl adamlary beýgeltdi.
53 Açlary näz-nygmatdan doýrup,
baýlary bolsa boş gaýtardy.
54-55 Atalarymyza söz berşi ýaly,
Ybraýym bilen onuň nesline
rehimdarlyk etmegi hiç unutman,
guly Ysraýyla ýardam etdi».
56 Merýem Elizabetiň öýünde üç aýa golaý bolup, soň öýüne gaýtdy.