Luka bölüm 5

Merýemiň aýdymy

46 Merýem şeýle diýdi:

«Janym Rebbi beýgeldýär,

47 *ruhum *Halasgärim Hudaýa şatlanýar.

48 Ol men pespäl gyrnagyna nazaryn saldy.

Mundan beýläk ähli nesiller maňa bagtly diýerler.

49 Gudratygüýçli meniň üçin beýik işler etdi.

Onuň ady *mukaddesdir.

50 Ol nesillerboýy Özünden gorkýanlara merhemet eder.

51 Ol güýji bilen beýik işleri amala aşyrdy,

öwünjeňleri olaryň ähli içki pikirleri bilen dargatdy.

52 Hökümdarlary tagtyndan düşürip,

pespäl adamlary beýgeltdi.

53 Açlary näz-nygmatdan doýrup,

baýlary bolsa boş gaýtardy.

54-55 Atalarymyza söz berşi ýaly,

Ybraýym bilen onuň nesline

rehimdarlyk etmegi hiç unutman,

guly Ysraýyla ýardam etdi».

56 Merýem Elizabetiň öýünde üç aýa golaý bolup, soň öýüne gaýtdy.